Türkmen elguşy

Ýurduň çäginde
27.03.2026
151

Türkmen elguşy

Irki döwürlerden bäri halkymyzda awçylyk sungaty ösen bolup, onuň bir görnüşi elguş we tazy bilen aw etmek bolupdyr. Elguş hem tazy bilen aw edýän adamlara mürüşgär diýilýär. Olar laçynlary, gyrgylary, garçgaýlary we bürgütleri elguş edip ulanypdyrlar. Türkmen mürüşgärleri şeýle algyr guşlary tutup, olary eldekileşdirip, aw üçin ulanypdyrlar. Olaryň iň esasylary laçyn we bürgütdir. Elguşlaryň tutulyşynyň hem iki görnüşi bolupdyr. Ýagny heniz jüýje wagty höwürtgeden alypdyrlar ýa-da uly ýaşly guşy dürli tilsimler bilen meýdandan gola salypdyrlar. Guşy tutanlaryndan soň, olary dogry idetmek zerur bolupdyr. Esasan hem, ýaş guş ösdürilip ýetişdirilende ony dogry iýmitlendirmegiň ähmiýeti uly bolupdyr. Mümkinçiligi boldugyndan jüýje üçin meýdanyň ownuk gemrijilerini tutmaga guş eýeleri güýjüni we wagtyny gaýgyrmandyrlar. Şular ýaly iýmitden guş beden taýdan sagdyn ösýär. Şeýle-de elguşlary albaýda iýmitlendiripdirler. Albaý-ortasy gyzyl dörtburçluk mata tikilen keçäniň bölejigi bolup, oňa et bölejigi goýlupdyr. Şeýtmek bilen hem-ä ony iýmitlendiripdirler, hemem awa taýýarlapdyrlar. Bir elguş bäş ýyldan köp ulanylman, erkinlige goýberilipdir, bu mürüşgär üçin ýazylmadyk kanundyr. Özem bu iş elguşyň jübütini tapyp, nesli dowam etdirmegi üçin bahar paslynyň öň ýany amala aşyrylýar.