Türkmen gaýyklary

Medeniýet
08.02.2023
233

Türkmen gaýyklary

Senetçiligiň asyrlar içre arzylanyp gelnen kämil görnüşleriniň biri agaç ussaçylygydyr. Agaç önümleri türkmen halkynyň durmuşynda örän möhüm orun tutupdyr. Türkmen agaç ussalarynyň sünnäläp ýasan önümleriniň biri hem ulag we dürli maksatlar üçin ulanylan gämi, gaýyk, naw kenarýaka ilatyň durmuşynda möhüm orun eýeläpdir. Türkmen topragy taryhyň dürli döwürlerinde Gündogar bilen Günbataryň arasynda söwda, medeni gatnaşyklar babatda uly orun tutupdyr. Söwdanyň ösmegi bilen bolsa, amatly söwda çatrygynda ýerleşen kenarýaka türkmen şäherlerinde gaýykçylyk kämilleşipdir.

Deňizçi täjirler, balykçylar has uzaklara gitmeli bolupdyrlar, harytlaryň göwrümi, agramy köpelipdir. Gaýyklar hem şoňa laýyklykda barha ýyndam, deňiz gomlaryna has durnukly bolup, olaryň ýük göterijiligi hem artypdyr. Bu bolsa olaryň dürli görnüşleriniň ulanylyp başlanmagyna getiripdir. Türkmenler tarapyndan ulanylan gaýykdyr gämiler ýerine ýetirýän işlerine, göwrümine laýyklykda dürlüçe atlandyrylypdyr. Dürli gaýyklaryň biri-birine meňzeş hasap edilmegi, bir gaýygyň dürlüçe atlandyrylmagy ýer-ýurt atlary bilen bagly bolupdyr. Bu ýagdaý, hususan-da, Hazar deňzinde ulanylýan gaýyklar üçin häsiýetli bolupdyr.

Täze habarlar