Türkmen-gazak dostlugynyň dabaralanmasy

Medeniýet
05.03.2025
231

Türkmen-gazak dostlugynyň dabaralanmasy

ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň sekretariatynyň meýilnamasyna laýyklykda Balkan welaýat döwlet drama teatrynda geçirilen aýdym-sazly dabaraly çäre türkmen we gazak halklarynyň medeni mirasyny, sungatyny, däp-dessurlaryny wagyz etmek ýaly asylly maksada gönükdirildi. Oňa balkanly medeniýet we sungat işgärleri, milli mirasy öwrenijiler, amaly-haşam sungatynyň, sebitde ýaşaýan gazak halkynyň wekilleri, il sylagly ýaşulular, kümüş saçly eneler gatnaşdylar.

Dabarada giň gerim berlen çykyşlarda nygtalyşy ýaly, berkarar ýurdumyz dünýä döwletleri we halklary bilen hoşniýetli, dost-doganlyk gatnaşyklaryny alyp barýar. Türkmen we gazak halklaryny bolsa asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan taryhy we medeni-ruhy umumylyklar baglanyşdyrýar. Bu günki dabara bolsa iki halkyň köpasyrlyk dost-doganlyk gatnaşyklaryny, milli öwüşginlere baý bolan medeni-ruhy hyzmatdaşlygy has-da ösdürmekde wajyp ähmiýetlidir.

Dabaranyň geçýän ýerinde iki dostlukly halkyň ruhy-medeni, taryhy mirasyna degişli muzeý gymmatlyklarynyň, şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserleriniň, haly önümleriniň, el işleriniň sergileri ýaýbaňlandyryldy. Sergi türkmen we gazak halklarynyň özboluşly medeni-taryhy gymmatlyklary bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik berdi.

Teatryň ajaýyp sahnasynda gazak halkynyň meşhur «Alpamyş» eposy esasynda goýlan oýundan parçalaryň görkezilmegi aýratyn täsirli boldy. Tomaşaçylaryň dowamly el çarpyşmalary bilen garşylanan sahna oýny goňşy halkyň gahrymançylykly taryhyna içgin aralaşmaga, bu eposyň milli mirasymyzda tutýan ornuna anyk göz ýetirmäge ýardam etdi. Medeniýet we sungat ussatlarynyň doganlyk halklaryň joşgunly aýdym-sazlaryndan guran çykyşlary hem ýygnananlara ruhy lezzet paýlady.

Täze habarlar