Türkmen halysy — milli buýsanjymyz

Medeniýet
16.05.2024
160

Türkmen halysy — milli buýsanjymyz

«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde yglan eden «Türkmen halysy - milli buýsanjymyz» atly haly we haly önümleriniň sergi bäsleşiginiň welaýat tapgyry Balkanabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynda geçirildi.

Maý aýynyň soňky ýekşenbesinde giňden belleniljek Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli ýurdumyzyň çeper halyçylyk kärhanalarynda zähmet çekýän gelin-gyzlaryň arasynda geçirilen bäsleşik halkymyzyň ruhy we medeni mirasyny aýawly saklamagy we wagyz etmegi, ýaş halyçylaryň has ökdelerini ýüze çykarmagy maksat edindi.

«Syrlardan dokalan gözellik», «El bilen döredilen gudrat» we «Gözellik dowamaty» atly şertler boýunça bäsleşen halyçylar haly we haly önümlerinden sergi gurnadylar. Haly önümleriniň görnüşleri we gelip çykyşlary barada gürrüň berdiler. Haly önümleri bilen toý kejebesini bezediler.

Netijede, Esenguly etrabyndan halyçy Bibisoltan Sarygulyýewa we Gyzylarbat çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçysy Oguljeren Orazgulyýewa birinji, Esenguly etrabyndan halyçy Gülşen Berdigylyjowa we şol etrabyň 10-njy orta mekdebiniň mugallymy Hojabibi Goçmyradowa ikinji, Bereket çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçylary Jumagül Saparmämmedowa we Baýramsoltan Gapurowa üçünji orunlara mynasyp boldular.

Bäsleşikde birinji we ikinji orunlary eýelän halyçylar onuň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.