Türkmen içmegi

Medeniýet
10.05.2024
638

Türkmen içmegi

Eýlenen goýun derisinden erkek kişiler üçin içmek, telpek taýýarlanylýar. Şolaryň içinde içmek aýratyn ussatlygy talap edýär. Içmek goýun derisinden ýüňi iç ýüzüne edilip tikilýän milli eşigimizdir. Ol öz gözbaşyny gadymy döwürlerden alyp gaýdýar. XI asyrda ýaşap geçen alym Mahmyt Kaşgarlynyň «Türki dilleriň sözlügi» atly kitabynda «Içmek - guzy derisinden tikilýän erkek kişileriň dony» diýlip ýatlanylýar. Onuň taýýarlanyşynyň usullary içmek tikmek bilen ýörite meşgul bolýan içmekçi ussalar tarapyndan nesilden-nesle geçip gelipdir. Içmek alty-ýedi goýnuň derisinden tikilýär. Deri gowy edilip eýlenilýär. Içmeklik derini eýlemek üçin arpa unundan edilip, soňra turşadylan bulamak peýdalanylýar. Içmegiň derisi naryň gabygy gaýnadylyp alynýan gyzyl-sary reňke boýalýar. Içmege dürli nagyşlar salnyp, onuň ýakalary, synlary bezelipdir.

Halk döredijiliginde hem içmek bilen baglanyşykly matallara, pähimlere duş gelmek bolýar. “Ýedi goýun, bir guzy togsan beladan gorar” diýen pähim içmegiň sowukdan goraýandygy, adam saglygyna peýdalydygy bilen baglanyşyklydyr.

Täze habarlar