Türkmen keçesiniň syry
Keçe etmek hem edil halyçylyk ýaly, öz gözbaşyny gadym döwürlerden alyp gaýdýar. Keçe bu ýüň önümidir. Keçäni taýýarlanmagyň usuly haly dokamakdan ýönekeýdir we onuň ýaşy halydan has uludyr. Amaly-haşam sungatyny öwreniji alymlar şeýle netijä geldiler: türkmeniň keçesi özüniň “dogany” bolan halydan has uly ýaşlydyr. Keçe etmegiň usuly goýunlaryň eldekileşdirilmeginden soň ýüze çykypdyr. Keçe munuň özi köpasyrlyk gadymy däpleri, tejribäni we çeper fantaziýany utgaşdyrýan sungat eseridir. Köp ýyllyklaryň dowamynda türkmen halky bu senediň inçe syrlaryny nesilden nesile geçirmek bilen milli keçeçiliginiň däplerini we özboluşlulygyny aýawly saklap bilipdir.
Türkmen keçesini taýýarlamak birnäçe tapgyrdan ybarat bolýar. Ilki bilen gyrkylan goýun ýüňi saýgyçlar bilen saýgylanyp, hapasy arassalanýar. Ýüňi ýuwýarlar we guradýarlar. Arassa ýüň boýalýar, şonda diňe tebigy boýaglar, ýagny dub agajynyň gabygy, sogan gabygy ulanylýar. Soňra ýüň ýene-de ýuwulyp, guradylýar, saýlanýar, ýörite ýüň daragynda daralyp pişgelenýar.
Şeýle taýýarlyk işlerinden soň, sähetli gün saýlanyp alynýar we keçe basmaga başlanylýar. Bu hysyrdyly işlere, adatça ähli maşgala agzalary gatnaşýar, şonuň ýaly-da olara goňşulary, tanyşlary kömege gelýärler. Göräýmäge keçäni taýýarlamagyň usullary ýönekeý. Ilki bilen keçäniň aşagyna ýazmak üçin gamyş taýýarlanýar. Onuň ýüzünde nagyşyň ýeri alynýar. Türkmen keçesiniň ussat zenanlary nagyşlary göz çeni bilen bezeýärler. Biziň günlerimizde hem ussat zenanlar gadymy däplere eýermek bilen nagyşlary keçeleri döredýärler.
Keçäniň nagyşlaryny salmak üçin goýnuň ýazky gyrkymynyň ýüňi ulanylýar. Sebäbi ol ýumşak bolup, gül salmaga oňaýlydyr. Soňra nagyşyň üstüne galyň saýym topbak ýüňden ýüzlemi goýulýar. Bu tebigy reňkli – boýagsyz ýüň keçäniň esasyny düzýär. Munuň üçin güýz gyrkymynyň ýüňi ulanylýar.
Türkmenistanyň günbatarynda köplenç iki ýüzli, her tarapynda-da başga gül salnan keçeler taýýarlanylýar. Ýomut zenanlaryna uly göwrümli keçeleri etmek hem mahsusdyr.
Keçe taýýarlananda oňa diňe bir güýç-kuwwat sarp edilmän, eýsem ony döredýänleriň kalby hem siňdirilýär. Taýýar keçe önümi onlarça ýyllar ulanylýar, adamlara öz tebigy ýylylygyny paýlaýar. Elbetde, hala görä keçe taýýarlamak üçin wagt az sarp edilýär. Ýöne oňa nagyş salmak esasyny düzýän ýüzlerini etmek we bişirmek işleri belli bir wagty sarp edip, aýratyn tiz we sazlaşykly hereket etmegi talap edýär.
Keçe ýönekeý adamlar üçin hemişe elýeterli bolandygy üçin, ol durmuşda giňden ulanylypdyr. Ol häzirki wagtda-da türkmeniň öýüniň aýrylmaz bir bölegidir. Ol edil gadymyýetde bolşy ýaly, häzirem adaty usulda taýýarlanylýar. Ähli işler elde ýerine ýetirilýär – hiç bir maşynam ussat elleriň ýerine çalşyp bilmez. Keçä ynsan saglygy üçin ýaramlydyr. Aýratyn-da ol guragyryda we sowuklamada peýdalydyr.