Türkmen keşdeçilik sungaty - milli mirasymyz

Medeniýet
24.10.2024
53

Türkmen keşdeçilik sungaty - milli mirasymyz

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň sekretariatynyň hem-de Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň bilelikde yglan eden “Türkmen keşdeçilik sungaty - milli mirasymyz” atly bäsleşiginiň Balkan welaýat tapgyry Balkanabat şäherindäki Türkmeniň “Ak öýi” binasynda geçirildi.

Bäsleşige gatnaşan zenanlar onuň şertlerine laýyklykda, türkmen keşdeçilik sungatyny ösdürmäge goşýan goşantlary barada buýsanç bilen gürrüň berdiler. Olar ýaka, tahýa, kürte keşdelemekde taýýarlyk işlerini birme-bir ýerine ýetirip, özleriniň saýlap alan keşdelerini çeper sözlerde wasp etdiler. Olaryň keşdelejek işlerini dyzlarynyň üstlerinde dogry goýuşlary, iňňe tutuşlary, sanjyşlary, işilen ýüpekleri ýerligine görä ulanyşlary emin agzalary tarapyndan aýratyn gözegçilikde saklanyldy. Zenanlaryň keşdelän milli lybaslarynyň waspyny goşgularyň, rowaýatlaryň, gazallaryň üsti bilen ýerine ýetirmekleri has-da täsirli boldy.

Uly ruhubelentlige beslenen bäsleşigiň jemi jemlenilende, Gyzylarbat etrabyndaky 22-nji orta mekdebiň mugallymy Oguljeren Amangeldiýewa we şol etrabyň 28-nji orta mekdebiniň mugallymy Laçyn Saryýewa ýeňijiler diýlip yglan edildiler we olar bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.