Türkmen milli çaga oýunlary
Halkymyzda milli çaga oýunlaryna aýratyn orun degişlidir. Şoňa görä-de, birnäçe çaga oýunlary döredilipdir. Bu hereketli çaga oýunlarynyň döredilmegi çagalaryň sagdyn ösüp-ulalmaklary bilen berk baglanyşyklydyr. Olaryň käbiri barada durup geçeliň.
Aşyk oýny. Bu oýunda ownuk mallaryň aşyk süňkleri peýdalanylypdyr. Aşygyň dört tarapy alçy, towha, dükge, jikge diýlip atlandyrylypdyr. Alçy - aşygyň at tarapy, galyp durandaky üsti oýja tarapy. Aşygyň alçydan beýleki eşek münen tarapyna towha diýilýär. Aşygyň jikgesiniň tersi, arka ýüzi, güberçek tarapy dükgedir. Aşygyň çukur tarapy we şol tarapynyň ýokaryk bolup ýatan görnüşi jikge diýlip atlandyrylýar. Aşyk oýnuny oglanjyklar iki we şondan köp bolup oýnapdyrlar. Aşyk saldamly bolar ýaly, onuň ortasyny oýup gurşun guýupdyrlar. Oglanlar aşyklaryny gezekli-gezegine sülüpdirler. Şonda alçy gopan aşygyň eýesi aşygyny barmak bilen oklap urmaga hukuk gazanypdyr. Şonuň üçinem “Altyn aşygym, alçy gop” diýipdirler. Aşygy alçy gopan oglan beýleki aşygy aşygy bilen agdaryp bilse, şol aşygy özüne almaga hukugy bolupdyr.
Bäşdaş. Bu oýny gyzjagazlar oýnapdyrlar. Bäş sany togalak kiçiräk daş saýlanyp alynýar. Bu oýun hem iki we şondan köp bolup oýnalýar. Daşlary oýnuň düzgünine görä, ýerde goýup, oklap, gapyp her hili tilsimleri ýerine ýetirýärler. Eger daşy ýere gaçsa, tutup bilmese, oýny beýleki gyz dowam etdirýär. Kim köp utuk toplasa şol hem ýeňiji bolýar.