Türkmen milli çörek önümleri
Halkymyz çörege aýratyn mukaddeslik hökmünde garap, hamyrdan dürli çörek önümlerini taýýarlamagy başarypdyr. Olar nesilden-nesle geçip, biziň günlerimize gelip ýetipdir. Tamdyrda bişirilýän çörekler tagamlylygy bilen tapawutlanypdyr. Külçe, petir, gömme çörek, kömeç ýaly çörek önümleri ussatlyk bilen tagamly bişirilipdir. Un, ýag, ýumurtga goşulyp, süýde ýugrulyp, ýörite bişirilýän kiçijik tegelek çörek külçedir. Petir bolsa tutuş ýüzi dürtülip, hamyry aldyrylman bişirilýän çörekdir. Gora gömlüp bişirilýän çörek gömme çörek diýlip atlandyrylýar. Kömeç döwlen, ownuk dogralan et ýa-da jigirdek salnyp bişirilen ýagly çörekdir. Toýlarda gatlama, çelpek, pişme, çapady ýaly önümler ýörite bişirilipdir. Türkmen halk döredijiliginde çörek önümlerinde aýratyn orun berlipdir. Çöregiň mukaddesligi ertekileriň, rowaýatlaryň üsti bilen beýan edilipdir. Hüwdülerde, nakyllarda çörek barada aýratyn bellenip geçilipdir. Hüwdüde: Meniň jigim gerekli, Eli petir çörekli — diýlip aýdylsa, nakylda: «Nan — öwlüýä» diýilýär.