
Türkmen palasy
Türkmen öýlerini halysyz, palassyz göz öňüne getirmek mümkin däl. Palas hem milli gymmatlyklarymyzyň biridir. Türkmen dokmaçylygynyň önümi bolan palas dokalanda, örän inçeligi talap edýär. Palasyň milli aýratynlygy, edil türkmen halylarynyňky ýaly, olaryň düşek reňkiniň gyzyl we gyrmyzy bolmagyndadyr. Şeýle-de olarda sary, ýaşyl, gök we gara reňk utgaşmalarynyň hem-de nagyşlarynyň ýerleşiş meňzeşligindedir.
Palasa il içinde «nagşaşak» hem diýilýär. Sebäbi palasyň ýüpleri öýdelýän ýüzünde seçek ýaly bolup durup, nagşy aşak ýüzünde bolýar, ýagny palasyň düzüw ýüzi aşak, seçekli ýüzi ýokary edilip dokalýar. Balkan welaýatynda palasyň nagyşlarynyň öz aýratynlyklary bardyr. Gelin-gyzlar palaslaryna «Gülýaýdy», «Bossany», «Gazaýak», «Üýşürme» ýaly nagyşlary salypdyrlar.
Halkymyzda palas bilen bagly yrymlar ýörgünlidir. Durmuşa çykarylýan gyz atasy öýünden ugradyljak bolnanda, uly palasyň üstünde daýzalary, ýeňňeleri, boýdaşlary bilen oturdylýar. Gelnalyjy bilen gelen ýigit tarapy gyzyň hossarlaryna dürli-dürli sowgatlary berýär. Bu däbe «Gyzy palasa salmak» diýilýär. Gelnalyjy bolup gelen erkek adamlar gyzyň ýeňňeleri bilen oturan palasyny göterip, gelnalyja çenli alyp barýarlar.