Türkmen saçagy

Medeniýet
15.12.2023
731

Türkmen saçagy

Halkymyzda saçagyň taýýarlanyşyna aýratyn üns berlipdir. Gadymdan gelýän senetleriň biri bolan saçak dokamaklyk bize miras galan el hünärleriniň biri bolup, ol düýäniň ýüňünden dokalýar. Torumyň gapdal ýüňüniň ýumşak bolýanlygy sebäpli, saçak hut şeýle ýüňden dokalýar Ilki bilen, ýüňi gowy arassalaýarlar. Soňra düýe ýüňi tüýdülip, daralyp, kiçiräk pişgeler edilýär. Öz gezeginde pişgelerem egrilip, ýumak edilýär. Saçagyň gyrasy köjelip, oňa «Suw tolkuny» diýlip at berlen nagyş salynýar.

Saçak mukaddes hasaplanyp, myhman gelende, onuň öňünde nanly saçak goýlupdyr. Bu asylly däp häzirki döwürlerde daşary ýurtlardan gelen myhmanlaryň, toý-baýramçylyklarda ýaşuly nesliň öňünden duz-çörekli çykmak ýaly derejede kämilleşdi. Saçaga supra, desserhan hem diýilýär. Halk döredijiliginde “Mert ýigitler supra ýaýar, at alar”, “Ogul atadan görmese, supra ýaýmaz”, “Ogul atadan öwrener saçak açmagy, gyz eneden öwrener geýim biçmegi”, “Öý ýaraşygy çaga, supra ýaraşygy - myhman” ýaly nakyllaryň döremegi saçagyň mukaddesligi bilen baglanyşyklydyr.

Türkmen saçagy tamdyr çöregini ýaňy bişirilen ýaly ysly we ýumşak saklaýanlygy bilen tapawutlanýandyr. Saçak eneden gyza we beýleki nesillere geçip, esli ýyllaryň dowamynda ulanylýar.