Türkmen tazysy

Medeniýet
14.10.2024
60

Türkmen tazysy

Milli awçylyk däbinde irki döwürlerde aw awlamakda, edil aw awlaýan el guşlar ýaly, tazylar hem ulanylypdyr. Muny arheologik tapyndylar hem subut edýär. Halk seçgiçiliginiň görnükli nusgasy bolan tazylaryň tohum arassalygyna aýratyn üns berlipdir. Tazy güjükkä awa öwredilip başlanýar. Tazynyň üstüne ýapylýan ýapynja jul diýilýär. Güýzden başlap, howa sowanda, onuň üstüne keçeden edilen jul ýapylýar. Gaýnadylan, bişirilen et bilen bakylýar. Türkmen tazylary, köplenç, towşany we tilkini awlamakda ulanylypdyr. Türkmen tazylary çakganlygy we duýgurlygy bilen tapawutlanypdyr.

Halk döredijiliginde “Tazysyz awa giden, öýe tilkisiz geler”, “Tazy awda synalar, ýigit - ýowda”, “Tilki gaçar berkine, tazy goýmaz erkine” ýaly nakyllaryň döremegi aw awlamakda tazylaryň ornunyň uludygyny görkezýär.