Türkmen tebigatynyň täsinligi

Syýahatçylyk
27.08.2023
208

Türkmen tebigatynyň täsinligi

2010-njy ýylda türkmeniň milli mirasyny we tebigatyny goramak boýunça topar döredilýär. Şonuň netijesinde-de orta mekdeplerde muzeýleri döretmek we tebigatymyzyň täsinliklerini, milli mirasymyzy ýaşlara giňden ýaýbaňlandyrmak boýunça işler geçirilip başlanýar. Şundan ugur almak bilen, 2013-nji ýylyň 7-nji maýynda Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabyndaky 29-njy orta mekdepde mekdep muzeýi döredildi. Onda goýlan eksponatlar mugallymlaryň, okuwçylaryň we etrabyň ýaşaýjylarynyň kömegi bilen ýygnaldy.

Muzeýde türkmen milli obasy, Beýik Watançylyk urşunda Gahryman diýen ada mynasyp bolan gyzylarbatly esgerler, milli mirasymyz barada örän gymmatly eksponatlar bar. Muzeýiň «Türkmenistanyň janly tebigaty» atly bölümçesinde Türkmenistanda ýaşaýan süýrenjileriň «Gyzyl kitaba» girizilen görnüşleri barada maglumatlar berilýär. Zäherli hasaplanylýan ýylanlaryň 4 görnüşi: kepjebaş, alahöwren, galkanburun, göklors baradaky giňişleýin maglumatlar hasam gyzyklydyr.