
Türkmen telpegi
Milli mirasyň gymmatly hazynalarynyň biri-de türkmen telpegidir. Taryha nazar aýlanymyzda, telpek türkmen üçin has hormatly, gymmatly bolupdyr. Halkymyzda telpek bilen bagly däp-dessurlara, yrymlara hem duş gelmek bolýar. Telpekleriň dürli görnüşleri bolup, olar deriden taýýarlanypdyr. Guzy derisi bolan gara, goňur, sarymtyl, çal, mele öwüşginli baganalardan dürli görnüşli telpekler tikilipdir. Olaryň görnüşleriniň biri hem Sur telpek bolup, ol örän seýrek duş gelýän sur baganadan tikilipdir.
Günbatar Türkmenistanda uly ýaşdakylar depesi ýaýbaň, belendräk biçüwli gara buhar telpekleri, ýaş we orta ýaşdaky adamlar depesine mata syralan we syralmadyk, biçüwi pesräk gara, goňur, çal reňkdäki baganadan şyrdak, gyrpyk-gyrjyma we çöwrülip tikilen ýatyş telpeklerini geýipdirler.
Irki döwürler Balkan sebitleriniň käbir ýerinde täze gelin ulagdan düşende, ýaşulularyň biri telpegini gelniň başyna geýdirmek däbi bolupdyr. Ýigidiň ata-enesi ýaşula telpek paýyny beripdir. Gelne telpek geýdirilmeginiň manysy onuň hemişe erkek bilen deň hatarda öýe rysgal-döwlet getirmegini arzuwlamakdyr.