Türkmen telpegi

Medeniýet
08.03.2023
419

Türkmen telpegi

Ata-babalarymyz milli mirasyň gymmatly hazynalaryny döredipdirler. Şolaryň biri-de türkmen telpegidir. Halkymyz başgabyny beýleki lybaslara garanda, örän belent derejede goýupdyr. «Telpek köne bolsa-da, başa, köwüş täze bolsa-da, aýaga geýilýär» diýen jaýdar jümle bilen her bir lybasyň özboluşly aýratynlygyny aýan edipdir.

Halkymyz her bir ezizlän zadyny köp manyly däp-dessurlar arkaly kämilleşdirip, ony ebedilik häsiýete eýe edipdir. Bu bolsa türkmeniň millilik düşünjesiniň çäksizdigini, gözbaşynyň çuňluklara uzaýandygyny aňladýar. Adamyň wyždan päkligine deňelen başgaplar-da ezizlenýän şeýle gymmatlyklaryň esasylarynyň biridir.

Maşgalabaşy bolan erkek kişiniň durmuşda tutýan ornuny derejelemekde, häsiýetlendirmekde öýüň dulundan ýedi sany zat asylypdyr. Olar, esasan, Gurhan, ýarag, jöwher pyçak, dutar, gamçy, telpek, duztorba ýaly zatlardan ybarat bolupdyr. Ýarag maşgalany ýagydan goramagyň, Gurhan maşgalabaşynyň mertebe beýikligini aňlatmagyň, jöwher pyçak maşgala zerur bolan maly halallamagyň, dutar maşgalany gamdan saplamagyň, gamçy edepsizi görende temmi bermegiň, telpek erkek kişiniň özüniň bardygyny bildirmeginiň, duztorba her bir mukaddesligiň üstünden ätlemezlik üçin edilen ähtiň nyşany saýylypdyr. Duldan asylan telpek erkek kişiniň aslyýetinde bardygyny alamatlandyrsa, erkek kişiniň öýe girende şatärimden asan telpegi daşdan gelýän zenana öýde erkek adamyň bardygyny habar berýän nyşan bolupdyr. Şatärimdäki telpegi gören keseki zenan öýde aýal maşgalanyň baryny-ýoguny bilmek üçin öýüň gapysyny çalaja açyp-ýapypdyr. Zenanyň bardygyny bilse, öýe giripdir, ýok-da bolsa, yzyna dolanypdyr. Bu düzgün zenanyň telpegi arkaly erkegiň başyna goýýan hormat-sylagy hökmünde kabul edilipdir.

Telpek diňe bir adam başyny sowukdan ýa-da yssydan goraýan närse bolman, eýsem, türkmeniň durmuş pelsepesine çuň täsir eden gymmatlyklaryň biridir.

Täze habarlar