Türkmeniň uçar ganaty — bedew atym

Ýurduň çäginde
07.05.2025
156

Türkmeniň uçar ganaty — bedew atym

Balkan welaýat çagalar sungat mekdebi Balkan welaýat kitaphanasy bilen bilelikde Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli «Türkmeniň uçar ganaty — bedew atym» atly edebi-sazly baýramçylyk dabarasyny geçirdi. Şatlyk-şowhunly geçen dabarada Balkan welaýat çagalar sungat mekdebiniň ýaşajyk aýdymçy-sazandalary ýelden ýüwrük, ajaýyp gözelligi bilen dünýäni haýrana goýýan gamyşgulak bedewlerimiziň waspyny ýetirýän aýdymlar, şeýle-de halk aýdymlary bilen çykyş edip, bu ýere ýygnananlara ruhy lezzet paýladylar. Baýramçylyk dabarasyna gatnaşanlar şu mekdebiň «Nakgaş» bölüminiň okuwçylarynyň halkymyzyň ýürek buýsanjyna, köňül ganatyna öwrülen behişdi bedewlerimizi, ajaýyp zamanamyzyň beýik ösüşlerini wasp edýän suratlaryndan guralan sergä hem uly höwes bilen syn etdiler.