Türkmenistanda halkara hokkeý ýaryşy badalga aldy
Ýurdumyzda geçirilýän halkara bäsleşigine gatnaşmak üçin daşary ýurtly hokkeýçiler topary geldiler. Baýramçylyk lybasyna beslenen Aşgabadyň halkara howa menzilinde daşary ýurtly hokkeýçiler topary türkmen halkynyň milli myhmansöýerlik däplerine laýyklykda garşylandy. Daşary ýurtly hokkeýçiler üçin taýýarlanan medeni maksatnama laýyklykda myhmanlar ýurdumyzyň ajaýyp künjekleriniň birinde ýerleşýän Arkadag şäherine aýlanyp gördüler.
Aşgabatda Russiýa, Bahreýn, Belarus, Eýran, Gazagystan, Gyrgyzystan, Oman, Türkmenistan, Türkiýe we Özbegistandan 10 toparyň gatnaşmagynda halkara hokkeý ýaryşy gyşky sport toplumynyň buz meýdançasynda başlandy. Aşgabatda geçirilen halkara hokkeý ýaryşynda ilkinji oýunda “A” toparda Özbegistanyň “Feniks” bilen Omanyň “Oman Hanjars” (11:3) we Türkmenistanyň häzirki çempiony “Galkan” bilen Bahreýiniň “Bahreýn” (8:1) toparlary oýnadylar. “B” toparda bolsa, Gazagyztanyň “Akmola” bilen Türkiýäniň “Gümüş Skates SC” (5:3) we Gyrgyzystanyň “Dordoý” bilen Tatarystanyň “Arahis Kazan” (8:3) toparlary oýnady.