Türkmenistanyň at gazanan halyçysy

Jemgyýet
15.08.2026
105

Türkmenistanyň at gazanan halyçysy

Ene-mamalarymyzdan miras galan halyçylyk sungatyny ajaýyp zamanamyzda ussatlyk derejesinde dowam etdirýän halyçylaryň biri Gyzylarbat çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçysy Aýgül Kakyşewadyr. Gyzylarbat etraby ussat halyçylaryň kemala gelýän, gül görkli halylaryň dokalýan ýeri hökmünde ýurdumyza bellidir. Aýgülüň hem indi bu kärde zähmet çekip ýörenine 23 ýyl geçipdir. Ol halynyň dokalyşyny entek çagalykda öwrenip başlady. Bu ugurda ejesiniň berýän öwüt-nesihatlary onuň geljekde ussat halyçy bolup ýetişmegine ýardam etdi. Kärhanada işe başlan ilkinji döwürlerinde özünden uly we tejribesi ýetik bolan halyçylaryň beren maslahatlary bolsa kämillige tarap ýoly açdy. Ýyllar ony taplady, ussatlyga ýetirdi. Ellerinden dür dökülýän halyçynyň özem halypalyga ýetişdi. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly halyçynyň durmuşynda ýatdan çykmajak waka beslendi. Hormatly Prezidentimiziň Permany bilen Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli Aýgül Kakyşewa «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly at dakyldy. «Ujypsyzja zähmetime şeýle ýokary baha berilmegi ýurdumyzda adam hakynda uly aladanyň edilýändigini, halyçylara belent hormat-sarpanyň goýulýandygyny subut edýär. Hormatly adyň meni geljekki üstünliklere ruhlandyrandygyny buýsanç bilen aýdasym gelýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döredijilikli işlemek, bagtyýar hem abadan durmuşda ýaşamak üçin ähli şertler döredilendir. Ýaşlara halyçylygyň inçe tilsimlerini arman-ýadaman öwredip, bu jadyly sungatyň dowamat-dowam bolmagy üçin tagallamy gaýgyrmaryn» diýip, Türkmenistanyň at gazanan halyçysy Aýgül Kakyşewa buýsanç bilen gürrüň berýär.