Türkmenistanyň başlangyjy bilen geçen halkara maslahat
Hazar deňziniň türkmen kenaryndaky «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda 15-16-njy awgustda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki maslahat geçirildi.
Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda Türkmenistanyň başlangyjy boýunça guralan halkara foruma dünýäniň 40-a golaý döwletinden hem-de halkara guramalaryň 30-dan gowragyndan wekiller gatnaşdylar.
Bu forumy türkmen topragynda geçirmek başlangyjy Türkmenistan tarapyndan öňe sürüldi hem-de BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2021-nji ýylda kabul edilen Kararnamada berkidildi.
Daşary ýurtlaryň hem-de halkara guramalaryň wekilleriniň dünýäniň ulag ulgamy bilen baglanyşykly öz pikirlerini, tekliplerini beýan etmekleri üçin iki günläp dowam eden maslahatda giň mümkinçilikler döredildi.
Forumyň netijeleri boýunça deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň halkara maslahatynyň Jemleýji Beýannamasy kabul edildi.