
Tut agajy
Ýurdumyzda hem giňden ýaýran tut agajynyň watany Günorta Aziýa hasaplanylýar. Adatça, 4-5 metrden 18 metre çenli aralykda ösýän bu agajyň, esasan, ak, gara we gyzyl reňkli miwe berýän üç görnüşi has köp ýaýrandyr. Bezeg agajy hökmünde tuduň miwe bermeýän uly ýaprakly görnüşi hem ekilýär.
Tuduň ýapragy pile gurçugyny idetmekde, agajy türkmen milli saz gurallaryny hem-de aşhana enjamlaryny ýasamakda peýdalanylýar. Alymlaryň bellemegine görä, tut agajy aňsat kesellemeýän we gurçuklamaýan iň sagdyn agaçlaryň biri bolup, ortaça 100 ýyla çenli ýaşaýar. Injirler maşgalasyna degişli bolan, şeýle hem gabygy süýtli bu agaç az idegi talap edýär.
Tuduň miwesine tudana diýilýär. Adam saglygy üçin örän peýdaly bolan bu miwäniň düzüminde şeker, uglewod, ýag, protein, A, B, C, E, K witaminleri, demir, magneziýa, fosfor, kalsiý, natriý, simap ýaly minerallardyr maddalar saklanýar. Tuduň 3-5 santimetr uzynlykdaky maýdajyk däneli miwesiniň süýji tagamy we özüne mahsus hoştap ysy bolýar.
Tudana, esasan, terligine iýilýär. Käte bu miwe käbir tagamdyr süýjülikler taýýarlanylanda hem goşulýar. Şeýle hem ondan toşap gaýnadylýar. Uzak wagtlap saklamak üçin bolsa guradylan görnüşde ýygnalyp goýulýar. Guradylan tudana içegäni arassalaýar we ganazlyga garşy peýdaly serişde bolup hyzmat edýär. Halk lukmançylygynda käbir keseliň öňüni almakda we bejermekde tuduň ýapragyndan we miwesinden peýdalanylýar. Häzirki wagtda derman senagatynda tuduň ýapragy, miwesi, gabygy we köki dermandyr derini idediji serişdeleri taýýarlamakda ulanylýar. Önümçilikde onuň çybyklaryndan çeleklerdir sebetleriň, sowgatlyk önümleriň hem ýasalýandygyny bellemek gerek.