Tuwolga
Tuwolga agajy keramatly agaç hasaplanýar. Ol daglyk ýeriň agajy bolup, käbir ýerlerde tuwa diýlip hem atlandyrylýar. Bu agajyň reňki edil ýylgyn agajynyň reňki ýaly gyzgyltdyr. Adaty agaçlar döwlensoň gurap, agarmak bilen bolýar. Ýöne tuwolga döwläýse-de, gyzgylt reňkini üýtgetmän, tersine, berk gyzarýar. Ir döwürler eneler ak öýüň täriminden sallançak guranlarynda iki ýüpüň arasynda — çaganyň kellesini goýýan ýerinde tuwolga agajyny ulanar ekenler. Munuň özi ýaşajyk çaganyň basyrganmazlygy, rahat uklap turmagy, bela-beterlerden daşda bolmagy üçin edilýän yrymdyr. Ak öýüň içinde näçe ganat tärim bar bolsa, olar tuwolga agajyna daňylypdyr. Bu öýüň sarsmazlygy, berkligi üçin edilýär. Gapynyň agzynda durýan iki sany şatärimem tuwolga agajyndandyr. Ir wagtlar derwüşler tuwolga agajyndan özüne hasa edinipdirler. Saçy örüme gelen gyzlar bolsa, ondan başdarak ýasanypdyrlar. At seýisleýän adamlar ondan aýratyn gamçy ýasapdyrlar. Ýöne gamçyny aty urmak üçin däl-de, at ýaramasa ýa-da başga bir ýagdaý ýüze çyksa, ony atyň bedenine sürtüp, dertden halas etmek üçin ulanypdyrlar.