Ukraýin metbugatynda Magtymguly Pyragy

Ýurduň çäginde
06.06.2024
132

Ukraýin metbugatynda Magtymguly Pyragy

Ukraýina respublikasynyň “Киев дипломатический” atly meşhur žurnalynyň 2024-nji ýylyň maý aýynyň ahyryndaky sanynda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk baýramy mynasybetli uly göwrümli makala çapdan çykdy. Makala beýik şahyryň bize miras galan gymmatly şygyrlarynyň häzirki döwürde hem öz ähmiýetini ýitirmeýänligi hakynda aýdylýar. Diňe bir türkmen edebiýatynyň söz ussady hökmünde däl-de, eýsem dünýä edebiýatynyň hem göwher gaşy hasaplanýar. Üç asyry boýun egdiren Gündogaryň söz ussady Magtymguly Pyragynyň manydan doly şygyrlaryndaky nygtalýan meseleleriň terbiýeçilik ähmiýeti ýaş nesilleriň geljegi üçin nusga alarlyk mekdepdir.

Ukraýin okyjylarynyň uly gyzyklanma bilen garşylaýan “Киев дипломатический” žurnaly öz okyjylar giňişligini dünýäniň beýleki döwletlerinden hem tapýar. Çünki žurnal iki dilde – ukraýin we iňlis dillerinde çap edilýär.

Halkymyzyň buýsanjyny goşalandyran bu makalanyň Gahryman Arkadagly Serdarymyzyň parasatly jümleleri bilen başlanmagy hem aýratyn bellärliklidir. Galyberse-de XX asyryň meşhur ukraýin şahyr-ýazyjylaryndan W.Sosýur, Ý.Şporta, A.Turçinskiý, P.Tyçina, L.Perwomaýskiý, W.Byçko, N.Tereşenko, M.Gasko, N.Zabila, I.Puçko we P.Doroşko ýaly ussatlarynyň hem beýik Magtymguly Pyragynyň döredijiligine goýýan hormaty hakynda giňişleýin bellenilýär.