
Uly isleg bilen satyn alynýar
Türkmenbaşy etrabynyň çäginde ýerleşýän «Guwlyduz» kärhanasynda işler barha ilerleýär. «Türkmenhimiýa» döwlet konsernine degişli bolan baýry kärhananyň öndürýän duz önümleriniň hyrydarlarynyň hatarynyň yzygiderli artýandygyny bellemek gerek. Iýmitlik nahar duzuny ýurdumyzyň çägindäki gök önümleri, miweleri, et we balyk önümlerini gaýtadan işleýän kärhanalar uly isleg bilen satyn alýarlar. Şeýle-de kärhana nebit we himiýa senagatynda, azyk, dokma, derman önümçiligi pudaklarynda, ýyladyş ulgamynyň işini kadaly ýola goýmakda giňden ulanylýan däneli duzy Owganystan döwletiniň hususy kärhanalaryna ibermegi ýola goýdy.
Kärhananyň duzçulary şu ýylyň geçen döwründe gazylyp alnan duzuň umumy möçberini 8 müň 910 tonna ýetirip, meýilnama 101,5 göterim hötde geldiler. Däneli duz öndürmekde hem şeýle zähmet netijesi gazanylyp, duzuň bu görnüşiniň 7 müň 920 tonnasy öndürildi. Umumy gaplanan nahar duzunyň möçberi bolsa 2 müň 357 tonnadan geçip, ösüş depgini 117,5 göterim ýokarlandy.