Usuly maslahat täsirli geçdi

Medeniýet
16.07.2026
167

Usuly maslahat täsirli geçdi

Welaýatymyzda dowam edýän Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde geçirilýän çäreler biri-birine utgaşýar. Welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde geçirilen «Muzeýlerde sanly ulgamy ornaşdyrmagyň hem-de muzeý gaznasyny baýlaşdyrmagyň tejribesi» atly muzeý hünärmenleriniň usuly maslahaty hem täsirli boldy. Çärä gatnaşyjylar ýurdumyzda halkymyzyň asyrlar aşyp gelýän milli gymmatlyklaryny aýawly saklamak, dikeltmek, goramak, ylmy taýdan öwrenmek we giňden wagyz etmek hem-de olaryň üstüni ýetirmek babatda uly işleriň alnyp barylýandygy barada giňişleýin gürrüň etdiler, muzeý işini kämilleşdirmek babatda tejribe alyşdylar. Muzeýiň bölümlerine aýlanyp, bu ýerde saklanýan gymmatlyklar, ýurdumyzyň günbatar sebitiniň taryhy we medeni aýratynlyklary bilen ýakyndan tanyşdylar. Welaýat ýörite sungat mekdebiniň dutarçylar toparynyň ýerine ýetiren ajaýyp sazlary çärä aýratyn öwüşgin berdi.