Üýtgeşik ukyply balyk

Ýurduň çäginde
06.02.2023
339

Üýtgeşik ukyply balyk

Deňizde ýaşaýan ownuk balyklaryň has ähmiýetlisi külkelerdir, olaryň 3 görnüşi bar: adaty külke, ançous külkesi we ulugözli külke. Külkeleriň ähli görnüşleri senagat taýdan awlanylýar. Ýöne, bulardan başga-da, missisipi gambuziýasy diýen balyjak ýaşaýar. Bu balyjagyň asly watany Missisipi derýasynyň suw ýataklarydyr.

Bu uly bolmadyk balyjak geçen asyryň 40-njy ýyllarynda gyzzyrma keselini ýaýradyjy çybyna (malýariýa çybynyna) garşy göreşmek üçin, Hazar deňzine gelip goşulýan ululy-kiçili derýalaryň aşaky akymlaryna getirilip goýberilendir. Şol wagtlar bu balyjaklar deňziň süýjüleşen ýerlerine giňden ýaýrapdyr. Munuň özi bu keseliň öňüni almakda uly ýardam beripdi.

Bu balyjaklaryň bedeniniň uzynlygy 2-5 santimetre golaý. Bedeni iki tarapdan gysylan ýaly ýasy. Agzy ýokary seredip duran ýaly, äňlerinde owunjak ýitije dişleri bar. Guýruk ýüzgüjiniň gyrasy aýlawly. Gambuziýa janly çaga dogurmak häsiýetlidir.

Ylmy maglumatlara görä, Hazar deňzine gambuziýalaryň gibrid görnüşi aralaşandyr. Ol deňze gelip goşulýan Wolga, Ural, Kura, Etrek we beýleki derýalaryň aşaky akymlarynda hem-de şol derýalaryň süýjüleşen ýerlerinde giňden ýaýrandyr.