Uzyn-uzyn saçly gyzlar

Çäreler
16.05.2024
432

Uzyn-uzyn saçly gyzlar

Balkanabat şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 3-nji orta mekdepde welaýat Baş bilim müdirliginiň, Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Balkanabat şäher geňeşiniň bilelikde guramaklarynda «Uzyn saçly gyzlar» atly bäsleşigiň Balkan welaýat tapgyry geçirildi.

Orta mekdepleriň 7 - 11-nji synplarynda okaýan okuwçy gyzlaryň arasynda gyz edebiniň gözelligini ýaýmagy, türkmen gyzlaryna mahsus bolan saçlaryny gorap saklamagy, Magtymguly Pyragynyň «Gözel sen» diýen goşgusynda waspy ýetirilýän gözellikleri wagyz etmegi maksat edinen bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, gyzlar öz saçlaryny çeper sözde wasp etdiler. Saça oňat ideg edip saklamak, onuň tarlarynyň gyrylmagynyň öňüni almak baradaky yrymlary, aýtgylary aýdyp, emin agzalary tarapyndan berlen sowallara jogap berdiler.

Gyzykly geçen bäsleşigiň jemi jemlenilende, gyzlaryň ýaş aýratynlyklaryna görä baha berildi. Netijede, Balkanabat şäherindäki 3-nji orta mekdebiň okuwçysy Nowça Annamämmedowa, bu şäherdäki 7-nji orta mekdebiň okuwçysy Aýjemal Mejidowa, Türkmenbaşy şäherindäki 5-nji orta mekdebiň okuwçysy Medine Myradowa birinji orunlara mynasyp boldular. Balkanabat şäheriniň Gumdag şäherçesindäki 32-nji orta mekdebiň okuwçysy Gülzada Hajyýewa, Balkanabat şäherindäki 22-nji orta mekdebiň okuwçysy Bibimerýem Gurbanowa ikinji, Etrek etrabyndaky 4-nji orta mekdebiň okuwçysy Nurana Gylyçdurdyýewa, Gyzylarbat etrabyndaky 29-njy orta mekdebiň okuwçysy Oguljennet Gurbangeldiýewa hem-de şol etrapdaky 16-njy orta mekdebiň okuwçysy Täzegül Hydyrowa üçünji orunlary eýelemegi başardylar.