Uzynada 77 buraw guýysy barada
“Türkmennebit” Döwlet konserniniň “Nebitgazburawlaýyş” trestiniň Ekerem buraw işleri müdirliginiň zähmetsöýer burawlaýjylary Akpatlawuk, Kemer, Keýmir, Ekerem, Altyguýy, Porsy ýaly nebitli-gazly meýdançalarynda gözleg-barlag we ulanyş guýularynda burawlaýyş işlerini alyp barýarlar.
Geçen ýylyň ahyrynda bu müdirligiň burawlaýjylary Balkan welaýatynyň Esenguly etrabynyň çäginde ýerleşýän täze nebit-gaz ýatagy bolan Uzynada meýdançasynyň 77-nji guýusynda burawlaýyş işlerine başladylar. Taslama çuňlugy 6 750 metr bolan bu täze guýy Hytaýda öndürilen kuwwatly buraw desgasy bilen gazylýar. Bu desgada burawlaýyş işlerini alyp barmak, öň şeýle guýulary burawlamakda işläp ýeterlik derejede tejribe toplan burawlaýjy hünärmenlerine ynanyldy.
Türkmen alymlarynyň, geologlarynyň, burawlaýjylarynyň bilelikdäki tagallalary netijesinde bu meýdançada ýer çuňlugynyň 6000 metrinden ýokarda uglewodorod çig malynyň köp mukdardaky ätiýaçlyk gorlarynyň bardygy anyklanyldy. Bu ýerde täze gazylýan guýularyň has çuň gatlaklara aralaşmagy we olaryň senagat taýdan özleşdirilmegi netijesinde uglewodorod çig malynyň çykarylyşynyň barha artmagyna garaşylýar. Bu 77-nji guýynyň meýlnamasynda hem aşaky gyzyl gatlagy açmaklyk meýilleşdirilip, nebit, kondensat almaklyk maksat edinilýär.
Şu ýylyň ýanwar aýynyň 13-ne Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Uzynada meýdançasyna gelip, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň esasy daýanjy hasaplanylýan nebit-gaz ulgamynyň ýolbaşçylary, işgärleri bilen duşuşmaklygy, olaryň öňünde täze tehnologiýalary ornaşdyrmaklygyň netijesinde ýerasty baýlyklary çykarmaklygyň möçberini mundan beýläk-de artdyrmak barada uly wezipeleriň goýulmagy, ekeremli burawlaýjylary hem täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrdy.
Uzynada meýdançasyndaky 77-nji guýudaky dünýä ülňülerine laýyk gelýän buraw desgasynda gije-gündizki çekilýän yhlasly zähmetiň netijesinde häzirki döwürde bu guýuda eýýäm 5660 metre golaý çuňluk burawlamaklygyň hötdesinden gelindi.