Watan gerçekleri hatyralandy

Medeniýet
06.10.2026
42

Watan gerçekleri hatyralandy

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Diýarymyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly, welaýatymyzda hem Hatyra gününde ata-baba dowam edip gelýän däp-dessurlarymyz, edim-gylymlarymyz berjaý edilip, öten-geçenlerimiziň hatyrasy tutuldy. 1948-nji ýyldaky Aşgabat ýer titremesinde wepat bolan ildeşlerimiz, Watan ugrunda şehit bolan gerçekler hatyralandy. Hatyra gününde merhumlaryň hatyrasyna sadakalar berlip, olaryň ruhlarynyň şat, imanlarynyň hemra bolmagy dileg edilip, aýat-dogalar okaldy. Balkanabatdaky welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş we Magtymguly etrap merkezindäki Magtymguly Pyragy muzeýlerinde «Ýatlamalar hakydada ýaşaýar» ady bilen sergiler guraldy. Olarda Aşgabat şäheriniň 1948-nji ýylyň ýertitremesinden öňki keşbiniň fotosuratlary bilen birlikde, tebigy apatdan soňky pursatlaryny beýan edýän wideogörnüşler hem görkezildi

Täze habarlar