Watanymyzyň daýanjy hem guwanjy

Çäreler
09.12.2024
166

Watanymyzyň daýanjy hem guwanjy

Balkan welaýat Baş bilim müdirliginiň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat geňeşiniň bilelikde guramaklarynda baky Bitaraplygymyzyň 29 ýyllygy mynasybetli “Türkmennebit” döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde “Merdana nesil - 2024” atly şadyýan bäsleşik geçirildi. Oňa welaýatyň etrap-şäherlerinde geçirilen deslapky bäsleşiklerde ýeňiji bolan, 3-5-nji synplarda okaýan okuwçy oglanlar gatnaşdylar.

Ýüzleri nurana, ýürekleri hyjuwly körpe nesiller bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, Watana bolan söýgüsini, ata-babalarymyzyň gahrymançylykly synmaz ruhuna belent sarpasyny, halallyk, ynsanperwerlik, edermenlik ýaly häsiýetleri, bagtyýar zamanamyzda ýetilýän üstünlikleri çeper sözler arkaly beýan edip, ýekelikde şorta sözleri aýtmakda, degişme sahnalaryny ýerine ýetirmekde hem-de ýurdumyzda durmuşa geçirilýän beýik işleri, bagtyýar çagalygy, dost-doganlygy aýdym-sazlaryň üsti bilen wasp etmekde başarnyklaryny görkezdiler.

Netijede, Gyzylarbat etrabyndaky 17-nji orta mekdebiň 5-nji synp okuwçysy Paýhas Baýramsähedow birinji, Balkanabat şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 3-nji orta mekdebiň 3-nji synp okuwçysy Meretmyrat Myratjanow ikinji orunlara mynasyp bolup, bäsleşigiň jemleýji tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.

Ýeňijilere bäsleşigi guraýjylar tarapyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.