Welaýatymyzda pagta ýygymyna başlandy
Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda pagta ýygymyna başlamaga ak pata bermeginden ruhlanan welaýatymyzyň ýer eýeleri ýetişdirilen “ak altynyň” ýygym işlerine guramaçylykly girişdiler. Jogapkärli möwsümiň başlanmagy mynasybetli welaýat häkimliginiň mejlisler jaýynda dabaraly maslahat geçirildi. Şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk senesiniň toýlanjak ýylynyň pagta ýygymy mynasybetli dabaralar soňra Gyzylarbat etrabynyň “Goç” daýhan birleşiginiň bereketli meýdanynda dowam etdi. Bu ýerde guralan, aýdym-sazlara beslenen dabarada edilen çykyşlarda oba hojalygynyň depginli ösüşini gazanmakda, pudaga sanly tehnologiýalary we ylmy tejribeleri ornaşdyrmakda, hususyýetçileriň ornuny ýokarlandyrmakda gazanylýan üstünlikler barada durlup geçildi. Soňra il sylagly ýaşulular «Bismilla» bilen pagta ýygymyna başlap berdiler. Ýygymçy gyzlar bolsa «ak altynly» atyzlaryň bereketli hasylyny isrip etmän ýygnap almak üçin köpçülikleýin ýygyma girişdiler. Gyzylarbat etrabynyň pagta arassalaýjy kärhanasy pagta hasylynyň ilkinji tonnalaryny kabul etdi. Ýaşulular ýagşy yryma eýerip, «ak altynyň» bitginli hasylyny ýüzlerine syldylar. Dabaranyň barşynda tejribeli daýhanlara hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.