Welaýatymyzyň Täze ýyl Baş arçasynyň yşyklary ýakyldy

Ýurduň çäginde
31.12.2025
42

Welaýatymyzyň Täze ýyl Baş arçasynyň yşyklary ýakyldy

Welaýatymyzda Täze ýyl baýramçylygynyň esasy çäreleriniň biri bolan Baş arçanyň yşyklarynyň ýakylyş dabarasy ýokary ruhubelentlige beslendi. Gojaman Hazar deňziniň mawy tolkunlaryny, gözel dag tebigatyny synlap gelen Aýazbabadyr Garpamyk nurana ertirlerimiziň eýeleri bolan körpeler bilen  sebitdäki kaşaň we täsin binalara gezelenç etdiler, täze ulanmaga berlen desgalardyr önümçilik binalary bilen tanyşdylar. Täze ýyl dabarasynyň hormatly myhmanlary dünýä jahankeşdeliginiň merjeni hasaplanýan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky sagaldyş we dynç alyş merkezlerine, Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portuna, Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsine nebitiň we gazyň baý gorlary jemlenen Uzynada baýlyklar känine, welaýat kitaphanasyna, welaýat saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumyna baryp gördüler. Olar aýdym-sazlara beslenen dabaralarda kalplary buýsançdan doly körpelere öz ýurdumyzda öndürilýän dürli süýjüliklerden taýýarlanyp, ýaraşykly gaplara gaplanan Täze ýyl sowgatlaryny gowşurdylar. Täze ýyl arçasynyň yşyklarynyň ýakylyş dabarasy welaýat merkezinde geçirilen köpçülikleýin toý ýörişi bilen başlanyp, buýsançly çäreleriň üstüni ýetirdi. Soňra Aýazbaba bilen Garpamyk körpeleriň haýyşy bilen welaýatymyzyň Baş arçasynyň yşyklaryny ýakdylar. Dürli öwüşginlerde şugla saçýan yşyklar Täze ýyl arçasynyň bezegini öňküdenem artdyryp, bu ýere ýygnananlara egsilmez şatlyk paýlady.

Täze habarlar

Ýurduň çäginde
Ýurduň çäginde
Jemgyýet