
Woleýbol bäsleşikleri
Balkan welaýatynyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň Magtymguly etrabynyň bedenterbiýe we sport bölümi bilen bilelikde guramagynda bu etrabyň sport mekdebinde sportuň woleýbol görnüşi boýunça geçirilen ýaryşlar gyzykly we çekeleşikli häsiýete eýe boldy.
2007 — 2009-njy ýyllarda doglan oglanlaryň arasynda guralan ýaryşda Magtymguly etrabynyň topary birinji, Türkmenbaşy şäheriniň türgenleri ikinji, Gyzylarbat etrabynyň woleýbolçylary üçünji orunlara mynasyp bolmaklygy başardylar. 2010 — 2012-nji ýyllarda doglan oglanlaryň arasynda geçirilen ýaryşda bolsa birinji orny Türkmenbaşy şäheriniň, ikinji orny Magtymguly etrabynyň, üçünji orny Türkmenbaşy etrabynyň toparlary eýelediler. Ýaryşlarda öňdäki orunlara mynasyp bolan türgenlere dabaraly ýagdaýda Hormat hatlary gowşuryldy.