Ýurduň çäginde
04.12.2025
77
“Ýabany bägül” ýa-da itburun
Halk arasynda «ýabany bägül» diýlip hem tanalýan itburun ýurdumyzyň dag eteklerinde, jülgelerde ösýär. Ol 1-3 metr aralygynda boý alýar. Şahasynyň ýüzünde ownuk tikenler bolýar. Ýapraklary ýaşyl, ownuk we gyrymsy görnüşlidir. Ýaz aýlarynda gülleýär. Gyzylymtyl miweleri güýz aýlarynda bişip ýetişýär. Itburnuň miwesi demir, kalsiý, magnezium ýaly minerallara, tebigy antioksidantlara, witaminlerine baýdyr. Onda C witamini, ýagny askorbin turşusy limondakydan 10-20 esse köpdür. Bu ösümligiň güneşli, suw geçýän ýerde ekilmegi amatlydyr. Itburun çydamly bolup, sowuga we guraklyga garşy durýar. Tohumy arkaly, şeýle hem şahasyndan köpeldip, ösdürip bolýar.