Ýabany pişik
Täsin pişige — manula «ýabany pişik» ýa-da «manul pişigi» diýilýär. Manul ýabany pişikleriň arasynda duş gelýän kiçi pişikleriň biridir. Onuň bedeni gyzylymtyl reňkde bolup, tüýi gür we ösgün, aýaklary gysgadyr. Ýüzünden geçýän gara zolaklar göreniňden gözüňe ilýär. Ol kowumlaryndan tapawutlylykda, öz awuny gemrijileriň ýaşaýan hinleriniň, gaýanyň jaýryklarynyň agzynda bukulyp awlaýar. Sebäbi beýleki pişikler bilen deňeşdirilende, onuň tizligi we hereketi haýal. Onuň ot-çöpleriň arasynda gizlenmek häsiýeti hem bar. Hut şonuň üçin manul pişigi az öwrenilen görnüşdir, ol örän seýrek gabat gelýär. Ylmy çeşmelerde XIX asyryň ahyrlarynda we XX asyryň ortalarynda Türkmenistanyň daglarynda manula köp gabat gelnendigi aýdylýar. Onuň duş gelen ýerleri barada takyk maglumatlar az. 2018-nji ýyldan bäri geçirilýän gözegçiliklerde bu ýabany pişik Duşakerek dagynda, Köpetdag döwlet tebigy goraghanasynyň çäginde, Mürze dagynda, Daştoý deresinde hem-de Uly Balkanda hasaba alyndy. Şu ýylyň gyş aýlarynda geçirilen gözegçiliklerde manul pişigi Kiçi Balkan dagynda hem surat enjamynyň üsti bilen hasaba alyndy.