Ýag çyrasy

Medeniýet
27.10.2023
431

Ýag çyrasy

Taryhy ähmiýeti bolan sungat ýadygärliklerini, hünärmentçilik eserlerini, ylmy açyşlaryň nusgalaryny, ýaşaýşa, durmuşa degişli senetleri, gurallary we şuňa meňzeş zatlary ýygnaýan, saklaýan, sergi guramak bilen meşgullanýan edara bolan muzeýleriň işine häzirki wagtda aýratyn uly üns berilýär. Muzeýlere gelip, olardaky taryhy tapyndylar we beýleki medeni gymmatlyklar bilen tanyş bolýan, gyzyklanýan raýatlaryň sany hem barha artýar. Gyzylarbat etrabynyň Gyzylarbat şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde hem geçmişden habar berýän gymmatly tapyndylaryň ençemesi saklanyp, şolaryň biri-de ýag çyrasydyr.

Muzeýiň etnografiýa bölüminde ýerleşdirilen bu ýag çyrasy XI - XII asyrlara degişli hasaplanylýar. Onuň tapylan ýeri Kiribaba taryhy ýadygärligidir. Kiribaba Gyzylarbat etrabynyň merkezi şäheri Gyzylarbatdan 12 kilometr günorta-gündogarda dag içinde ýerleşýän taryhy ýadygärlikdir. Ol ýerde geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde tapylan ýag çyrasy toýundan bişirilip ýasalypdyr. Bu çyra pamygy ýa-da goýnuň ýüňüni ýaga batyryp, ýokarky bölegine ot tutaşdyrylyp ýakylypdyr. Ene-mamalarymyz gijelerine şu ýag çyranyň kömegi bilen haly-palas dokapdyrlar, keşde we beýleki el işlerini ýerine ýetiripdirler.