Ýag depbesi
Geçmişde türkmen halky önümleri zaýalaman, uzak möhlet saklamak üçin dürli usullar esasynda ýörite gaplary ýasapdyrlar. Şolaryň biri-de depbedir. Ol türkmen durmuşynda giňden ulanylypdyr. Küýze görnüşinde, ululy-kiçili, iki gulply bolan gapda ýag saklanylansoň, oňa «ýag depbesi» diýlipdir. Agzy hem dyky bilen ýapylýar. Çarwaçylyk bilen meşgullanýan ilat süýt-gatyk önümlerini ýaýyp, olardan saryýag alypdyrlar. Ony bolsa depbede saklapdyrlar. Onda saklanan saryýag uzak wagt geçse-de zaýalanmandyr.
Depbe ýasalanda, çyryş ösümliginden peýdalanylypdyr. Çyrşyň köki alnyp, ownuk dogralyp, az mukdarda suw guýlup, ol tä ýelim görnüşine gelýänçä gaýnadylypdyr. Matadan torbanyň içi saman ýa-da yzgarly gum bilen doldurylypdyr. Torbanyň daşyna taýýar çyryş ýelimi çalynýar, bu ençeme gezek gaýtalanýar we Gün düşmeýän ýerde guradylýar. Gurandan soň samandyr gum doldurylan torba aýrylýar. Depbäniň ýarylmazlygy we berk bolmagy üçin gyzgyn, gaýnap duran ýaga batyrylýar.
Balkan welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde hem ýag depbesi saklanýar.