Ýalkym saçýan arçalar Täze ýyly buşlady
Welaýatymyzda Täze ýyl arçalarynyň baýramçylyk yşyklarynyň ýakylyş dabarasy ýokary ruhubelentlige beslendi.
Gojaman Hazaryň üsti bilen milli gämimizde uzak ýollary aşyp gelen Aýazbaba bilen Garpamygy bagtyýar çagalar ýokary ruhubelentlik duýgusy bilen garşyladylar. Aýazbabadyr Garpamyk mawy Hazaryň merjeni bolan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky biri beýlekisinden zyýada myhmanhanalara, sagaldyş we dynç alyş merkezlerine, deňizýaka şäherde ulanmaga berlen köpugurly hassahana, Halkara deňiz portuna, Bereket etrabynyň çäginde täze açylan Galkynyş şäherçesine, belent başly Sünt-Hasar daglaryndan aşyp, tebigatyň juda täsin gözelligini synlap, Magtymguly etrabyndaky Magtymguly Pyragy muzeýine, Esenguly etrabynda täze gurlan «Arkadagyň nesilleri» çagalar medeni dynç alyş merkezine aýlanyp gördüler.
Welaýat merkeziniň merdana hem agzybir ýaşaýjylary uzak ýoldan gelen Aýazbabadyr Garpamygy mähirli garşyladylar. Balkanabat şäherindäki döwrebap täze binalaryň nurana görnüşleri Aýazbaba bilen Garpamygyň nazaryny özlerinde egledi.
«Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňünde welaýatymyzyň Täze ýylyň Baş arçasynyň yşyklarynyň ýakylyş dabarasy uly şatlyk-şowhuna, egsilmez joşguna eýe boldy. Türkmen müçenamasyndaky ýyllaryň eýeleri bolan dürli haýwanlaryň keşplerini janlandyran körpeler Aýazbaba bilen Garpamygy şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar. Soňra Aýazbaba bilen Garpamyk körpeleriň haýyşyny ýerine ýetirip, welaýatyň Täze ýylyň Baş arçasynyň yşyklaryny ýakdylar. Dürli öwüşginlerde şugla saçýan ajaýyp yşyklar, asmana uçurylan howa şarlary, döwrebap aýdym-sazlaryň belent owazy baýramçylyk dabarasynyň geçýän ýerini şatlyk-şowhuna besledi. Aýazbabadyr Garpamykdan Täze ýyl sowgatlaryny alan çagalar bezemen arçanyň daşynda döwre gurap aýlandylar. Olar bagtyýar çagalygy, ajaýyp döwrümizi, Täze ýyly wasp edýän goşgulary, aýdymlary aýtdylar, küşt depip, tans etdiler, özleriniň Täze ýyl arzuwlaryny beýan etdiler.