Ýandak
Türkmen tebigatynyň bezegi bolan ýandak köpýyllyk ösümlik bolup, kösükliler maşgalasyna degişlidir. Ýandagyň dermanlyk häsiýetleri gadymy döwürlerden bäri belli bolup, ondan taýýarlanýan melhemler nesilden-nesle geçip gelipdir. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik eserinde dünýäde ýandagyň 10, Türkmenistanda 4 görnüşiniň ösýändigi bellenilip geçilýär. Ýandak iýundan sentýabra çenli gülleýär we tohumlaýar. Ol diňe bir Garagum sähralygynyň ümmülmez giňişliginde däl, eýsem, daglyk ýerlerde-de, jülgelerde-de ýaýrandyr. Lukmançylykda dermanlyk serişdesi hökmünde esasan, ýandagyň otjumak bölegi ulanylýar, miwesi we kökleri has seýrek peýdalanylýar. Ýandakdan taýýarlanylýan melhemler antibakterial häsiýetlere eýedir. Bakteriýalaryň döredýän ýokanç içege keselleriniň öňüni almak we bejermek üçin ýandagyň gaýnatmasy içilýär. Ony içegäniň sowuklamasyny, aşgazan ýarasyny we gastriti bejermek üçin hem ulanýarlar. Ajöze içilen gaýnatma iç sürmek üçin gowy serişdedir. Ol sowuklamany bejermekde hem örän peýdalydyr. Ýandak köp deri kesellerini, ýaralary, başlary we ýanyklary bejermek üçin giňden ulanylýar. Ýandak baly örän ýokumly bolup, bedenden zäherli maddalary we duzlary çykarmaga ukyplydyr.