«Ýaňlan, Diýarymyň» ýeňijisi

Jemgyýet
13.09.2023
235

«Ýaňlan, Diýarymyň» ýeňijisi

Balkanabat şäher medeniýet merkeziniň usulyýetçisi Bagdagül Mämmetgurbanowa «Ýaňlan, Diýarym! - 2023» telebäsleşiginiň Balkan welaýaty boýunça ýeňijisi boldy. Zehinli aýdymçy bilen guralan söhbetdeşligem diýseň gyzykly boldy.

  • Bagdagül, ilki bilen, sizi «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginde ýeňiş gazanmagyňyz bilen tüýs ýürekden gutlaýarys. Üstünlikleriňiz dowamly bolsun!

- Sag boluň! Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 32 ýyllyk baýramçylygyna zähmet üstünlikleri bilen barýan günlerimizde «Ýaňlan, Diýarym! - 2023» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyrynda üstünlik gazanmagym başymy göge ýetirdi, täze üstünliklere ruhlandyrdy.

  • «Ýaňlan, Diýarym! - 2023» telebäsleşiginiň şäher, welaýat hem-de jemleýji tapgyrlarynda ýerine ýetiren aýdymlaryňyz barada aýdaýsaňyz!

- Telebäsleşigiň Balkanabat şäher hem-de welaýat tapgyrlarynda «Har etme» diýen türkmen halk aýdymyny ýerine ýetirdim. Jemleýji tapgyrynda bolsa «Yzlama» diýen türkmen halk aýdymyny ýerine ýetirmek bilen, emin agzalarynyň synagyndan geçdim.

  • Aýdym-saz älemindäki ilkinji ädimleriňiz barada gürrüň beräýseňiz!

- Men Balkanabat şäheriniň Jebel şäherçesindäki 14-nji orta mekdepde okaýan döwürlerim, ýagny 6-njy, 7-nji synplarda okaýan wagtlarym aýdym aýdyp başladym. Aýdym-saza bolan höwesimiň bardygyny duýan ejem meniň bu ugurda kämilleşmegim üçin yhlasyny gaýgyrmady. Jebel şäherçesiniň medeniýet öýünde sungat ussatlaryndan sapak alyp, aýdym-saz älemine aralaşmagym üçin şertleri döredip berdi. Bu medeniýet ojagyna gatnaýan wagtlarymda hem baýramçylyk çärelerinde aýdymlarym bilen çykyş edip başladym.

  • Sungat ýoluňyzda halypalaryň orny nähili?

- Kiçiligimden gaýybana halypalarym Nurberdi Gulowyň, Aşyr Gurbanowyň, Wary Aýjanowyň, Rejepguly Kerimowyň aýdymlaryny ürç edip diňleýärin. Häzir hem şeýle. Ýerine ýetirýän aýdymlarymyň has gowy çykmagy üçin ýakyndan ýardam berýän halypalarym bolsa Türkmenistanyň halk artistleri Läle Begnazarowa bilen Züleýha Kakaýewa.

  • Ilkinji ýerine ýetiren aýdymyňyz haýsy aýdym bolupdy?

- Ilkinji ýerine ýetirenim «Bilezik» diýen aýdym. «Unutma» diýen aýdymy ýerine ýetiribem, diňleýjileriň arasyndaky meşhurlygym artdy.

  • Bagdagül, döredijilik äleminde üstünlik hemişe hemraňyz bolsun! Sag boluň!