“Ýaňlan, Diýarymyň” ýeňijisi
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 34 ýyllyk baýramyna bagyşlanyp, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşiginiň çäklerinde geçirilen «Ýaňlan, Diýarym! — 2025» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry ýakynda paýtagtymyz Aşgabatda geçirildi. Onda Balkan welaýaty boýunça Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Esenguly etrap geňeşiniň sürüjisi Ýunus Aşyrdurdyýew ýeňiji diýlip yglan edildi we Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyryna mynasyp boldy. Esenguly şäherinde dünýä inen Ýunusda sungata, aýdym aýtmaklyga bolan höwes çagalykdan döreýär. Şol höwes hem ony Esenguly etrabynyň çagalar sungat mekdebine getirýär. Ol sungat ojagynda aýdym-sazyň inçe tilsimlerini halypasy Abdylazyz Annagulyýewden uly höwes bilen öwrenýär. Kiçiliginden şanly senelere bagyşlanyp geçirilýän aýdym-sazly dabaralara yzygiderli gatnaşyp, ata Watanymyzy, bagtyýar durmuşymyzy wasp edýän aýdymlary ýerine ýetirýär. Kem-kemdenem halypa bagşylaryň aýdan aýdymlary bilen toýdur baýramlarda dowamly çykyş edip ugraýar. Ýunus Aşyrdurdyýew «Ýaňlan, Diýarym! — 2025» telebäsleşiginiň Balkan welaýat tapgyrynda Saparmyrat Öwezgeldiýewiň sözlerine, Annageldi Jülgäýewiň sazyna döredilen «Söýmediň, gözel» atly aýdymy uly joşgun bilen ýerine ýetirip, onuň jemleýji tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanýar. Jemleýji tapgyrda bolsa «Görogly» şadessanyndan Nury Halmämmedowyň sazyna döredilen «Söwdügim» diýen aýdymy ussatlyk bilen aýdyp, tomaşaçylaryň şowhunly el çarpyşmalaryna we emin agzalarynyň iň ýokary bahalaryna mynasyp bolýar. Arzuwynyň hasyl bolmagy aýdyň maksatlary nazarlaýan her bir ynsan üçin bahasyna ýetip bolmajak bagtdyr. «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginde ýeňiji bolup, hormatly Prezidentimiziň altyn zynjyryna mynasyp bolmagym sungata, aýdym-saza bolan höwesimi, söýgimi has hem artdyrdy, kalbyma egsilmez ylham eçildi — diýip, ýaş aýdymçy ýürek buýsanjyny beýan edýär.