Ýaş zehiniň üstünligi

Jemgyýet
03.10.2023
110

Ýaş zehiniň üstünligi

Garaşsyzlygymyzyň şanly 32 ýyllyk toýy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň çäklerinde geçirilen «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» atly bäsleşigiň jemleýji tapgyrynda ýeňiji bolan çagalaryň arasynda Türkmenbaşy şäherindäki daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 13-nji orta mekdebiň okuwçysy Kerem Hangeldiýew hem bar. «Türkmennebit» döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň çägindäki medeniýet öýüniň «Tolkun» aýdym-saz toparynyň çeper ýolbaşçysy Gurbanaly Amanalyýew ýaş zehinli aýdymçynyň halypasy bolup, onuň şägirdi «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» atly bäsleşigiň döwlet tapgyrynda «Ýaş deňizçiniň aýdymy» atly aýdymy uly joşgun bilen ýerine ýetirdi.

Kerem Hangeldiýew çaga kalbyndan çykýan ýürek buýsanjyny şeýle beýan edýär: - Ata Watanymyzda zehinimizi, ukyp-başarnygymyzy ýüze çykarmagymyz üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Zehinli çagalary höweslendirmek maksady bilen, dürli döredijilik bäsleşikleri geçirilýär. Çagalyk ýyllarymyň iň ajaýyp günlerinde meniň hem yhlasym ýerine gowuşdy. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk toýunyň öňüsyrasynda mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilen «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» atly bäsleşigiň jemleýji tapgyrynda, zehinli deň-duşlarym bilen birlikde, maňa hem ýeňiji bolmak bagty miýesser etdi.

Geljekde hem ýurdumyzyň ösüşlerini wasp edýän ajaýyp aýdymlary, şeýle-de türkmen halk aýdymlaryny döwrebap görnüşde ýerine ýetirmekde yhlasymy gaýgyrmaryn.