Ýaş zergärler kemala gelýär

Medeniýet
06.01.2023
365

Ýaş zergärler kemala gelýär

Gyzylarbat etrabynyň çagalar çeperçilik mekdebiniň amaly-haşam bölüminiň zergärçilik toparynda okaýan okuwçylara bu gadymy hem müdimi milli sungatyň inçe syrlarynyň ilkinji tilsimleri öwredilýär. Okuwçylar ussatlyk tejribeligi dersinde zergärçiligiň sada usullary, ulanylýan gurallary, olaryň atlary, ýerine ýetirýän işleri hem-de metallaryň görnüşleri bilen tanyşdyrylýar. Soňra milli nusgawy nagyşlary çekmegi we olary kesiji gurallar bilen gaty kagyzda kesmek öwredilip, okuwçylarda bu inçe sungata söýgi döredilýär. Berlen tema boýunça okuwçylar şaý-sepleriň häzirki zaman görnüşleriniň gaty kagyzdan şekilleriniň ülňüsini ýasamak işlerini ýerine ýetirýärler. Bu işleri ýerine ýetirmek üçin taslamanyň ululygyna görä, gaty kagyzyň bölekleri kesilip alynýar we çekilen şekiller onuň ýüzüne ýelmenýär. Soňra deşgiçleriň kömegi bilen kesiljek ýerler deşilip, kesgiçler arkaly şekil bölekleri yzygiderlilikde kesilýär. Şekil bölekleri reňklenip, gaşlar bilen bezeg işleri ýerine ýetirilýär. Şeýdip, ussatlyk tejribeligi dersinde zergärçiligiň sada usullary öwredilýär. Bu bolsa okuwçynyň milli zergärçilik sungatyna bolan ukybyny açmaga ýardam edýär.