ÝAŞLAR WATANYMYZYŇ RÖWŞEN GELEJEGIDIR

Ýurduň çäginde
15.02.2022
179

ÝAŞLAR WATANYMYZYŇ RÖWŞEN GELEJEGIDIR

Biziň habarçymyz Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher Geňeşiniň esasy hünärmeni Gurbanmyrat Abdylweliýew bilen söhbetdeş boldy. Söhbetdeşimiziň aýtmagyna görä Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary Mejlisi milli demokratiýanyň ýörelgeleri esasynda geçirilip, türkmen halkynyň ata-babalarymyzyň agzybirlik, her bir başlangyjy maslahatlaşmak, islendik meseläni çuňňur öwrenmek we “ýedi ölçäp bir kesmek” ýaly asylly däpleriň häzirki döwürde demokratik ýörelgeler esasynda giňden dabaralanýandygyny subut etdi.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisinde ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň, ilkinji nobatda, ata Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmek, agzybir halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli ýokarlandyrmak bilen bagly bolup, munuň özi zähmetsöýer halkymyzyň şatlygyny goşalandyrdy. Şeýle döwletli maksada ýetmekde bolsa Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisinde ara alnyp maslahatlaşylan hem-de kabul edilen “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy” aýratyn ähmiýete eýe boldy.

Häzirki wagtda ýaşlarymyz giň dünýä garaýyşly, ösen häzrki zaman tehnologiýalardan baş alyp çykýan halkara ylmy-barlag taslamalaryna işjeň gatnaşýarlar. Bu barada Hormatly Prezidentimiz: “Ýaşlar biziň geljege bolan ähli umyt-arzuwlarymyzyň amala aşmagydyr. Ata Watanymyzyň buýsanjy hem-de üstünlikleridir. Türkmenistanlylaryň täze nesli täze ösüş ugrunyň hereketlendirji güýjine öwrülmelidir. Olar öz nesliniň jogapkärli we gujur gaýratly, örän sowatly hem-de sagdyn wekilleri bolarlar” diýip bellemegi biz ýaşlaryň buýsançly kalbyny has-da joşdurdy, buýsandyrdy, ruhlarymyzyy belende göterdi.

Biz ýaşlara bildirýän ynamyny ödäp, öz üstümize ýüklenen wezipeleriň abraý bilen hötdesinden geljekdigimize, berkarar Watanymyzyň mundan-da beýläk gülläp ösmegine öz mynasyp goşantlarymyzy goşjakdygymyza ynandyrýarys.

Milli demokratik ýörelgelere esaslanýan esaslanýan her bir oýlanyşykly başlangyçlar, uzak geljege gönükdirilen özgertmeleri bu gün tutuş türkmen halky tüýs ýürekden goldaýar. Munuň özi ýurdumyzyň köptaraply ösüşini gazanmaga, ykdysady taýdan kuwwatly, syýasy taýdan durnukly, demokratik ýurt hökmünde dünýäde eýeleýän ornuny öňküdenem pugtalandyrmaga netijeli itergi berýär. Türkmen halky “Ulularyň göreldesi – nesilleriň ýörelgesi”, “Şägirt halypadan ozdurmasa, kär ýiter”, “Atalaryň ýoly – altyn ýol, ony söýen Watany söýer”, “Nesilleriň gaýraty – iliň güniň myrady” ýaly pähim parasatlaryndan ugur alyp, “Döwlet adam üçindir” diýen ynsanperwer şygar astynda öňe barýar. Bagtyýar durmuşymyz milli kanunçylyk namalaryna, ýurdumyzyň egsilmez kuwwaty bolup durýan ýaşlaryň röwşen ykbalyna gönükdirilen ýörelgelere esaslanýandygy bolsa has-da guwandyryjydyr. Ýurdumyzyň ykdysady, syýasy we medeni durmuşynda gazanylýan üstünliklerde, ýetilýän belent sepgitlerde ýaşlarymyzyň mynasyp goşantlaryny guwandyryjy miwedir.

Bu gün Ýaşlar Ata Watanymyzda alnyp barylýan dünýä nusgalyk özgertmelere mynasyp goşant goşup, röwşen geljegimiziň binýadyny pugtalandyrýarlar, diýip Gurbanmyrat sözüni jemledi.

Biz hem öz gezegimizde G.Abdylweliýewe alyp barýan işlerinde uly üstünlikleriň ýaran bolmagyny arzuw edýäris!