Ýaşmak ujy
Türkmen gelin-gyzlaryna niýetlenip ýasalýan şaý-sepleriň öz aýratynlygy bar. Olarda türkmen halkynyň etniki taryhynyň, müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan milli däp-dessurlarynyň, maddy we ruhy medeniýetiniň özboluşlylygy şöhlelenipdir. Pederlerimiz gelin-gyzlar üçin şaý-sepleri ýasanlarynda, olaryň ähmiýetine aýratyn üns beripdirler. Olaryň arasynda has özboluşly terbiýeçilik ähmiýeti we nepisligi bilen özüne bendi edýän şaý-sepleriň biri hem ýaşmak ujudyr. Gyz durmuşa çykanda, ýaşululara sylagyň, hormatyň alamaty hökmünde baran ýigidiniň ata-enesinden, ýaşy uly bolan dogan-garyndaşlaryndan ýaşynypdyr. Şeýle bolansoň, ata-babalarymyz gelinleriň özlerine goýýan hormatyna jogap hökmünde ýaşmak ujy şaý-sepini döredipdirler. Gelinler atynan gyňaçlarynyň, ýaglyklarynyň «ýaşmak ujy» diýlip atlandyrylýan, gyňajynyň ýaşmak ujuna dakylýan ildirgiçli kümüş şaý-sepini dakypdyrlar. Bu bolsa diňe bir olaryň gözelligine gözellik goşman, eýsem, ulanmakda hem has amatly bolupdyr. Ýaşmak ujy gyňajyň ujy üçin niýetlenendigi sebäpli, görnüşi boýunça uzyn bolup, sap kümüşden ýa-da kümşüň ýüzüne gyzyl çaýylyp ýasalyp, ol dürli gaşlar bilen bezelipdir.