Ýazky at çapyşyk möwsümi dowam edýär
Balkan atçylyk sport toplumynda geçen ýekşenbe güni ýazky at çapyşyk möwsüminiň nobatdaky çapyşyklary geçirildi. Bedew janköýerleriniň şatlyk-şowhuny astynda ilki bilen üçýaşar atlar çapuw ýodasyna çykdylar. Olar 1200 metr aralykda güýç synanyşdylar. M.Tulegenowyň Dorja atly dor aty turuwbaşdan öz ýyndamlygyny görkezip, ilkinji bolup pellehanadan geçmegi başardy. Ikinji çapyşykda üçýaşar atlar 1200 metr aralyga bäsleşdiler. Onda Gyşyksakar atly dor bedew beýlekilerden öňe saýlandy hem-de pellehana birinji bolup gelmegiň hötdesinden geldi. Ol P.Ýegşemowyň hojalygyna degişlidir. Dört we ulyýaşar atlaryň arasynda 1800 metr aralyga geçirilen üçünji çapyşykda A. Ýazmyradowyň Garaýel atly gara dor aty birinji orna mynasyp boldy. «Sümmülli toprak» daýhan hojalygynyň Iner atly al bedewi dört we ulyýaşar atlaryň arasynda 1800 metr aralyga geçirilen dördünji çapyşygyň ýeňijisi boldy. Jemleýji bäşinji çapyşykda hem dört we ulyýaşar atlar güýç synanyşdylar. 1800 metr aralyga geçirilen çapyşykda Balkan atçylyk sport toplumynyň Garabezirgen atly gara aty öňdeligi bermedi.