«Ýazlagyň» süýt önümleri
Gyzylarbat etrabynyň Paraw obasyndaky «Ýazlak» hususy kärhanasy Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolup, dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň kämil enjamlary bilen üpjün edilen bu kärhanada sygyr süýdüni senagat taýdan gaýtadan işlemek bilen, alynýan dürli görnüşli süýt önümlerini elýeter bahalardan ilata ýetirmekde guwandyryjy sepgitler eýelenýär. Ylmyň gazananlarynyň hem-de öňdebaryjy tejribeleriň sazlaşykly ulanylmagy bolsa öndürilýän azyk önümleriniň ýokary hil derejesini gazanmaga mümkinçilik berýär.
«Ýazlak» hususy kärhanasynda öndürilýän, ynsan saglygyny berkitmekde möhüm ähmiýete eýe bolan süýt önümleriniň görnüşleriniň sany on bäşe ýetýär. Bu ýerde taýýarlanylýan sygyr süýdi, az ýagly gatyk, ýagsyz kefir, biokefir, nusgawy esasda uýadylan gatyk, adaty we çig gaýmaklar, ýagsyz uýadylan gaýmak, aýran, süzme, peýnir hem-de beýleki süýt önümleri sarp edijileriň arasynda uly meşhurlyga eýe bolýar. Ýörite sargytnamalar esasynda azyk önümleriniň ugradylýan söwda nokatlarynyň sany ýurdumyzyň dürli künjeklerinde dowamly artýar.
Ýokary isleglere eýe bolan önümleri öndürmekde gündelik sarp edilýän sygyr süýdüniň ýeterlik möçberlerini üpjün etmekde hem hususy kärhanada zerur tagallalaryň edilýändigini hem bellemek gerek. Şeýle tagallalar hususy kärhanada iri şahly gara mallary idetmek hem-de olaryň baş sanyny köpeltmek işlerini üstünlikli ýola goýmaga mümkinçilik berdi. Bu sygyrlardan saglyp alynýan süýdüň üsti hususy hojalyklardan satyn alynýan sygyr süýdi bilen ýetirilýär. Netijede hususy kärhanada her aýda onlarça tonna süýt önümleri halkymyzyň bereketli saçaklarynyň bezegine öwrülýär.