«Ýedi dostda» ýokary hilli mebeller

Ykdysadyýet
07.04.2026
184

«Ýedi dostda» ýokary hilli mebeller

Balkanabat şäherinde ýerleşýän, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Ýedi dost» hojalyk jemgyýeti mebel önümçiliginde öz mümkinçiliklerini barha artdyryp, onda aşhana, ýatylýan otaglar üçin niýetlenen mebeller,  otagara gapylar, dürli görnüşli stol-stullar, ýokary hilli, bezeg taýdan biri-birinden tapawutlanýan mebel önümleri öndürilýär. Ol önümler di­ňe bir daşky bezegi, owadanlygy däl-de, eýsem, ulanmaga oňaýlylygy bilen hem biri-birinden tapawutlanýarlar. Kärhanada müşderileriň isleglerine görä, islendik görnüşli mebelleri öndürmek, eltip gurnap bermek hyzmatlary ýola goýlan. Hususy kärhana Germaniýa, Italiýa, Hytaý döwletlerinde öndürilen ýokary öndürijilikli häzirki zaman enjamlary bilen doly üpjün edilendir. Onuň hünärmenleri sanly ulgamdan netijeli peýdalanyp, daşary ýurtly hünärmenler bilen özara tejribe alyşýarlar, dünýäniň mebel öndürmek boýunça ösen kärhanalarynyň gazananlary bilen yzygiderli tanşyp durýarlar. «Ýedi dost» hojalyk jemgyýetinde, esasan-da, milli nagyşlarymyz döwrebap görnüşler bilen utgaşdyrylyp öndürilýän mebel önümleri alyjylaryň uly isleglerine eýe bolýar.