Ýelden ýüwrük bedewleriň ýaryşy
Geçen ýekşenbe güni Balkan welaýatynyň atçylyk sport toplumynda ýazky at çapyşyk möwsüminiň nobatdaky at çapyşygy geçirildi.
Toplumyň öňündäki baýramçylyk ruhunda bezelen ajaýyp meýdançada guralan dabaralar türkmen toýlaryna mahsus bolan ýokary ruhubelentlige beslendi. Giňden ýaýbaňlandyrylan dürli medeni-sport çärelerinden, joşgunly ýaňlanan aýdym-sazlardan ruhy lezzet alan dabara gatnaşyjylar soňra gyzykly at çapyşyklaryna uly höwesli tomaşa etdiler.
Şol gün at çapyşyklarynyň ýedisi geçirilip, olarda Perhat Allaberdiýewiň “Mizan”, Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň “Mazmun”, Seýitguly Tulegenowyň “Dagýyldyz”, Seýitmuhammet Orazmuhammedowyň “Körpe”, Amanmyrat Ýazmyradowyň “Ýagmyr” atly atlary pellehanadan birinji bolup geçmegi başardylar. Çapyşyklarda öňe saýlanan bedewleriň çapyksuwarlaryna Balkan welaýatynyň etrap-şäher häkimlikleriniň goýan gymmat bahaly sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.