Ýeňijileriň ýeňiş paýy

Sport
24.04.2024
513

Ýeňijileriň ýeňiş paýy

Ak mermerli paýtagtymyz gözel Aşgabat şäherindäki Gyşky oýunlar sport toplumynda geçirilen hokkeý boýunça halkara ýaryşyň ýeňijisi “Galkan” hokkeý toparynyň düzüminde üstünlikli çykyş eden hokkeýçi türgenlerimize we tälimçilere hormatly atlaryň dakylmagy ýurdumyzyň sport ulgamyna goýulýan sarpadan nyşandyr.

Türkmenistanyň Içeri Işler ministrliginiň institutynyň mejlisler zalynda geçirilen sylaglanmak dabarasynyň çäginde Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen toparyň baş tälimçisi Meýlis Kuliýewe we tälimçiniň kömekçisi Ilýas Weliýewe “Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi” diýen hormatly at dakyldy, toparyň ähli hokkeýçilerine bolsa “Türkmenistanyň at gazanan sport ussady” diýen hormatly atlar dakyldy we gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Ýurdumyzda ähli ulgamlar bilen bilelikde sport ulgamyny ösüşleriniň sakasynda duran türkmen milli lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Gahryman Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag belent başlary aman bolsun!

Täze habarlar