Ýeralma

Ýurduň çäginde
28.03.2026
44

Ýeralma

Bir ýyllyk ösümlik bolan ýeralma dürli usullar bilen ösdürilip ýetişdirilýär. Ony ösdürip ýetişdirmek biziň ýurdumyzda hem giň gerime eýedir. Iýmitlik ähmiýeti örän uly bolan ýeralmanyň ekişi üçin amatly toprak şertleri we ekin meýdanynyň talabalaýyk taýýarlanylmagy gerekdir. Bu ýagdaýlar ekiniň köküniň güýçli we kadaly ösmegine getirýär. Ýeralma ekişinde ýene bir möhüm talap onuň ekin dolanyşygy esasynda ýola goýulmagydyr. Bu iş ekerançylykda netijeliligi ýokarlandyrýar we hasyllylygyň artmagyna hem-de ekin keselleriniň azalmagyna ýardam edýär. Ýeralma ekişi üçin topragy arassa, ýumşak we gurply meýdanlar saýlanyp alynmaly. Bu ekiniň ekişine fewral-mart aýlarynda, topragyň temperaturasy 8-10 dereje bolanda girişilýär. Hatar aralary 70-75 santimetr saklanyp, tohumlyk ýeralmalar 15 santimetr çuňlukda, üsti 10 santimetr toprak bilen geriş şekilinde örtülip ekilýär. Her gektar üçin ortaça 200-250 kilogram tohumlyk ýeralma gerek bolýar. Suwuň agdyk berilmegi ýeralma kökleriniň çüýremegine, kem berilmegi topragynyň gurap gatamagyna we hasylyň ösüşiniň peselmegine getirip bilýär. Ýeralmanyň hasyly ýygnalansoň, ony açyk howada, Gün şöhlesinden goraglyrak ýerde guratmaly we howa geçirýän gaplara ýerleşdirmeli.